“Volkswagen” arassa adany döreder

05.11.2020

Germaniýanyň “Volkswagen” kompaniýasy Gresiýanyň Astipalaýa adasy üçin täsin taslama işläp taýýarlady. Gresiýa bilen gazanylan ylalaşygyň çäklerinde adada dolulygyna elektrik energiýasy bilen hereket edýän ulaglar bolar. 1300 töweregi ilaty bolan ada her ýylda 72 müň töweregi myhman barýar. Bu ýerde durmuşa geçiriljek taslamanyň çäklerinde ýolagçy gatnawy has gowulandyrylar. Elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar ýerli ýaşaýjylara we adanyň myhmanlaryna kärendesine berler. Şeýle hem, gatnaw elektrik energiýasy bilen işleýän welosipedler we samokatlar arkaly amala aşyrylar. Ilkinji nobatda, bu ýere müň sany elektrokar getiriler. Onuň çäklerinde döwlete degişli ähli edaralaryň, şol sanda saglygy goraýyş edaralarynyň ulaglary hem dolulygyna elektrik energiýasy bilen  işlär. Bu ulaglaryň zarýadlandyrylmagy üçin gerekli infrastruktura hem ýola goýlar. Adada jemi 230 sany elektrik zarýad nokady dörediler. Elektrik üpjünçiligi alternatiw çeşmelerden üpjün ediler.