Internet paýlaýan şar 312 gün howada durdy

02.11.2020

“Google” kompaniýasyny hem öz içine alýan “Alphabet”-e degişli bolan “Loon” şereketiniň internet şary Ýeriň stratosfera gatlagynda 312 günläp durup, rekord goýdy. HBAL703 atly şar Günorta ýarym şarda gezen ýerlerini internet bilen üpjün etdi. “Loon”-yň mundan ozalky synaglarda ulanan şary 223 gün howada galypdy. Kompaniýa medeni zonadan uzak ýerleri internet bilen üpjün etmegi maksat edinýär. 2017-nji ýylda Porto Rikoda tebigy heläkçilik zerarly internet infrastrukturasy kesilende bu şarlar arkaly 100 müň ilat internet bilen üpjün edilipdi. Şeýle şarlar häzirki wagtda Keniýanyň oba ýerlerini 4G internet bilen üpjün edýär.