Gruziýanyň hökümeti premýer-ministriniň saglyk ýagdaýy hakynda habar berdi

03.11.2020

Gruziýanyň hökümeti tarapyndan berlen beýanda premýer-ministr Georgiý Gahariýanyň koronawirusyň täze görnüşine  ýolugandygy  mälim edildi.

Georgiý Gahariýa, 1-nji noýabr, ýekşenbe güni koronawirusa ýolugan adam bilen elleşip görüşeninden soň,  özüniň mejbury ýagdaýda karantin barlagyndan geçmeli bolandygyny aýtdy. Çünki, premýer-ministriň janpenalarynyň birnäçesinde COVID-19 ýokanç keseliniň  tapylandygy habar berildi.

Premýer-ministrden soň,  Ykdysadyýet ministri Natiýa Turnawanyň we hökümet administrasiýasynyň başlygy Natiýa Mezwrişwiliniň hem karantin barlagyna alnandygy habar berildi.

Şu gün Gruziýanyň hökümetiniň ýazmaça beýanynda: “Premýer-ministr Georgiý Gahariýa, koronawirusyň bardygy anyklanan goragçysy bilen uzak wagtlap aragatnaşyk saklanlygy sebäpli 31-nji oktýabrda karantin barlagyna alyndy. Barlagyň netijesi premýer-ministrde koronawirusyň bardygyny tassyklady. Georgiy Gahariya özüni gowy duýýar we öýünde bejergini dowam etdirýär.”  – diýlip bellenilýär.  

Gruziýada COVID-19 ýokanç keseline ýoluganlaryň umumy sany häzirki wagtda 42 müň 579-a ýetdi.