Koreýanyň LG kompaniýasy “V60 ThinQ 5G” atly goşa ekranly telefony işläp taýýarlady. Aslynda bir ekranly bolan telefonyň goşmaça ekrany daşlyk ýaly dakylýar. Telefon 20-nji martdan başlap müşderilere ýetiriler. 799 dollardan satuwa çykaryljak telefonyň 6,8 dýuýmlyk FHD+ OLED ekrany bar. “Android 10” amaly ulgamynda işleýän orta derejeli smartfonyň RAM-y 8 GB-a, içki ýady 128/256 GB-a deň. Enjamyň içki ýadyny çip arkaly 2 TB-a ýetirmek mümkin.
LG goşa ekranly telefon öndürdi
17.03.2020