“Super Mario” lego bolup dolandy

13.03.2020

1990-njy ýyllarda meşhur wideooýunlaryň biri bolan “Super Mario” köpleriň söýgüsini gazanypdy. Ýaponiýanyň “Nintendo” şereketi tarapyndan işlenip düzülen oýna kompýuterleriň we smartfonlaryň ýaýbaňlanmagy bilen isleg azalypdy. Oýnuň baş gahrymany “Super Mario”-nyň oýnawajy ýasaldy. Indi häzirki döwürdäki iň meşhur oýnawaçlaryň biri bolan “Lego” bölejikleriniň arasynda “Super Mario” hem peýda bolar. Şeýle hem täze “Super Mario” adaty lego böleklerinden tapawutlanýar. Bu lego bölejiginde kiçijik LCD ekran hem ýerleşdirilipdir. “Mario”-nyň yzynda “Bluetooth” düwmejigi oturdylypdyr. Şeýlelikde, bu oýun ozalkylardan has hem gyzykly bolar. Täze oýnuň smartfonlara niýetlenen applikasiýasy hem bar.