Ýokary liganyň 3-nji tapgyrynda «Şagadam» bilen duşuşan «Altyn asyr» 1:1 hasabyndaky deňlige razy bolmaly boldy. Duşuşykda «aragatnaşykçylaryň» goluny Altymyrat Annadurdyýew geçirdi.
«Altyn asyryň» düzüminde 2016-njy ýyldan bäri çykyş edýän 26 ýaşly hüjümçi bu topar bilen diňe Ýokary ligada geçiren gollarynyň sanyny 60-a tegeledi.
Altymyrat Annadurdyýewiň 2018-nji ýylyň futbol möwsüminde 19 gol bilen iň netijeli futbolçy bolmagy hem başarandygyny ýatladýarys. Geçen ýyl bolsa ol 12 pökgi bilen Didar Durdyýewden soňra ikinji orny eýeledi.
Hüjümçiniň 60 golluk taryhynyň 15 goly «Altyn asyrdaky» ilkinji möwsümine ― 2016-njy ýyla degişlidir. Şol ýyl ol netijeli futbolçylaryň sanawynda üçünji orny eýeläpdi. 2017-nji ýylyň futbol möwsümini bolsa ol 13 pökgi bilen jemledi. Topardaşy Myrat Ýagşyýewiň 28 gol bilen bombardir bolan möwsüminde Annadurdyýew Pirmyrat Gazakow we Yhlas Magtymow bilen bilelikde dördünjiligi paýlaşypdy.
Ýokarda-da ýazyşymyz ýaly, A.Annadurdyýew 2018-nji ýylda ilkinji gezek iň netijeli hüjümçi boldy. Geçen ýyl 12 gol geçiren futbolçy bu ýyl ilkinji resmi duşuşygynda ilkinji goluny geçirdi.
Altymyrat Annadurdyýewiň AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşda hem iň köp tapawutlanan türkmenistanly futbolçydygyny ýatladýarys.