TÝL ― 2020: üç tapgyrda üç topar heniz ýeňiş gazanyp bilenok

18.03.2020

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 28-nji möwsüminiň üç tapgyrynyň yzda galandygyna garamazdan, ýaryşýan sekiz toparyň üçüsiniň heniz ýekeje duşuşykda hem ýeňiş gazanyp bilmändigi ünsüňi özüne çekýär.

Täsin tarapy, bu toparlaryň ikisi ― «Şagadam» bilen «Energetik» üç duşuşygy hem geçirdi. Türkiýedäki okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny tamamlap, ýurdumyza dolanan «Altyn asyr» bolsa täze möwsüme 3-nji tapgyrdan girişip, ilkinji duşuşygynda deňme-deň oýnady.

Çempionatyň galan bäş wekiliniň hersinde azyndan bir ýeňiş bar. Häzire çenli möwsümde diňe «Köpetdag» bilen «Ahala» birden kän ýeňiş gazanmak başartdy.