“Lexus Design Award 2020” halkara baýragynyň eýesi belli boldy

13.09.2020

Keniýaly “Bell Tower” dizaýn topary ösýän ýurtlarda ýaşaýyş ýerlerini döretmäge gönükdirilen “Open source communities" taslama bäsleşiginde ýaşaýyş ýerlerini döretmegiň täsirli usulyny hödürläp ýeňiji boldy we 2020-nji ýylyň  “Lexus Design Award 2020”  baýragyny aldy. Bu ýyl bäsleşige gatnaşmak üçin 79 ýurtdan 2042 arza berildi. Russiýadan dünýäniň beýleki ýurtlaryna garanyňda has köp – 533 kişi ýüz tutdy.

Emin agzalary üç sany esasy “Lexus” ýörelgesine garşy öz pikirlerine baha berip, 6 sany finalisti saýladylar: öňünden garaşmaly, täzelemeli, gyzyklanmaly we dizaýn arkaly has gowy geljegi döretmeli.

Bäsleşigiň Gran Prisini gazanan “Open source communities" taslamasy ösýän ýurtlarda ýaşaýyş jaý meselesini çözmekde amaly gollanma bolup durýar. Jemgyýetçilik aýratynlyklaryny öwrenen taslama topary, daşky gurşawa zyýan bermezden arassa agyz suwy bilen ähli töwerekleri döretmäge mümkinçilik berýän jaýlary we ýaşaýyş ýerlerini döretmegiň shemasyny hödürledi. Ösüş shemasynyň taslama göçürmek, öwrenmek we hatda hil taýdan üýtgeşmeler girizmek babatda hemmeler üçin elýeterli boljakdygyny bellemelidiris.
 
“Bell Tower” toparynyň agzalarynyň biri Jon Braýan Kamau: “Finalda çykyş etmek we “Lexus Design Award 2020” baýragyny almak biziň üçin uly hormatdy. Ýolumyzda köp kynçylyklar boldy, ýöne tutanýerli düşünjämizi hemmelere görkezmäge çalyşdyk. Bu taslama ömürboýy bahasyna ýetip bolmajak tejribä öwrüldi we “Lexus”-yň esasy ýörelgeleri geljekdäki işimiziň aýrylmaz bölegi bolar.” – diýip belledi.