“Nissan Magnite” – ýapon brendiniň täze modeli

16.10.2020

Üç aý çemesi ozal nusgalyk görnüşi tanyşdyrylan “Nissan Magnite” modeliniň köpçülikleýin önümçilige taýýardygy mälim edildi. SUV görnüşli ulag “Nissan” kompaniýasynyň täze modeli bolup, häzirki wagtda onuň synag sürüşleri geçirilýär. Kiçi görnüşli jip hasaplanýan ulag 21-nji oktýabrda köpçülige görkeziler. Ilkinji nobatda, Hindistan bazaryna iberiljek ulag Ýaponiýada synagdan geçirilýär. Kompaniýanyň Hindistandaky ýokary derejeli wekili Rakeş Sriwastawa ulag dizaýn edilende müşderileriň islegleriniň nazarda tutulandygyny belleýär. Ulagda brendiň täzelenen logosy hem ilkinji gezek ulanylar. Daşky dizaýny babatda beýleki modellerden tapawutlanjak ulagyň benzin bilen işleýän hereketlendirijisiniň 1 we 1,3 litr göwrümli bolmagyna garaşylýar.