“Apple” sabyrsyzlyk bilen garaşylýan “iPhone 12” smartfonlaryny tanyşdyrdy. Seriýada jemi 4 sany smartfon – “iPhone 12 mini”, “iPhone 12”, “iPhone 12 Pro” we “iPhone 12 Pro Max” smartfonlary bolup, ählisinde 5G aýratynlygy göz öňünde tutulypdyr. Şeýlelikde, “Apple” beýleki kompaniýalardan bir-iki ýyl giç hem bolsa, 5G tehnologiýasyna geçdi. Mundan başga-da, has ýokary durulykdaky surata düşürmäge mümkinçilik berýän LIDAR tehnologiýasy bilen üpjün edilipdir. “iPhone 12” telefonynyň dizaýnynda 6,1 dýuým ekran, dörtburçluk görnüşli kamera moduly, “Corning” tarapyndan öndürilen keramika gabara ýaly tehniki aýratynlyklar bar. Smartfonlaryň ak, gara, ýaşyl, gyzyl, goýy gök reňkli görnüşleri bar.
Täze “iPhone”-yň daşky gabarasy poslanmaýan polatdan öndürilipdir. Seriýasynyň iň kiçisi bolan “iPhone 12 mini” we esasy modeli bolan “iPhone 12” smartfonlarynda alýumin çarçuwa oturdylypdyr. “Apple A14 Bionic” mikrorprosessor oturdylan “iPhone 12”-de 12 MP giň linzaly, f/2.4 diagramly esasy kamera oturdylypdyr. Telefonyň selfi kamerasy 12 MP.
Dabarada tanyşdyrylan ululygy 5,4 dýuýmlyk “iPhone 12 mini”-niň iň kiçi 5G-li telefon bolandygy mälim edildi.
“iPhone 12 mini” 649 dollar, “iPhone 12” 749 dolları, “iPhone 12 Pro” 999 dollary “iPhone 12 Pro Max” 1099 dollar bahadan satuwa çykarylmagyna garaşylýar.
Dabarada başga-da birnäçe enjamlar we tehnologiýalar görkezildi.