“Google” hiňlenen aýdymyňy tapyp berýär

16.10.2020

“Google” saýty ulanyjylaryna hödürleýän hyzmatlaryny yzygiderli kämilleşdirýär. Saýt “iOS”   we “Android” platformlaryndaky esasy applikasiýasynda hiňlenen aýdymyňy tapyp berýän hyzmaty ýola goýdy. Şeýlelikde ulanyjylar ýadyna düşen aýdymyň belli bölegini aýdanlarynda oňa degişli maglumatlary tapyp bilerler. Bu hyzmat eli aň tehnologiýasynyň esasynda döredilipdir. Bu hyzmat smartfonlaryň asistentleri arkaly işleýär. Şeýle hem, “Google” “YouTube” saýtyny söwda edip bolýan platforma öwürmegiň aladasyny edýär.