Bir sany amerikan hem-de iki sany rus kosmonawty äkiden kosmos gämisi Halkara kosmos bekedine rekord derejede gysga wagtda bardy. Mälim bolşy ýaly, Halkara kosmos bekedinde iş alyp barýan dürli ýurtlaryň hünärmenleri ol ýerde belli bir wagt bolýarlar. Adatça, alty aýdan Ýere gaýdyp gelýärler. 64-nji ekspedisiýanyň çäklerinde kosmosa giden Keýt Rubins, Sergeý Ryžikow we Sergeý Kud-Swerçkow dagy bary-ýogy 3 sagat 3 minutda barmaly menziline ýetdi. “Soyuz MS-17” kapsulasy uçurylandan gysga wagtdan soňra Halkara kosmos bekedine birikmegi başardy. Bu barada Russiýanyň “Roskosmos” agentligi habar berdi. Halkara kosmos bekedi her 91 minutda Ýeriň daşyndaky aýlawyny tamamlaýar. Şol sebäpli kosmos gämisiniň wagty şoňa gabatlanmaly bolýar. Kosmos gämisi Ýerden bekede barýança beket Ýeriň daşyndan iki gezek aýlanypdyr. “Soýuz” kapsulasynyň 21-nji oktýabra çenli Halkara kosmos bekedine birigip durjakdygy, soňra Kris Kassidi, Anatoliý Iwanişin we Iwan Wagner dagyny Ýere alyp gaýtjakdygy habar berildi.
Häzirki wagtda 3 sagatdan sähel gowrak wagtda geçilen ýol 2013-nji ýyldan ozal iki gün dowam edýärdi. Täze tehnologiýa bu syýahatyň dowamlylygyny ortaça alty sagada getirmäge mümkinçilik berdi.