“Apple” kompaniýasy “iPhone 12” smartfonlary hem-de “HomePod Mini” ses gataldyjy bilen bir hatarda täze geçirijisiz gulaklygyny hem köpçülige görkezdi. “Beats Flex” atly gulaklygy egniňe gowy oturýar. “Apple” bu enjamyň gündelik durmuşymyza aýdym-saz diňlenilende, gelen jaňa jogap berlende hem uly ýeňillik döretjekdigini belleýär. Ol aýdym diňläniňizde we jaňa jogap bereniňizde dolulygyna awtomat ýagdaýda işleýär. “Flex-Form” ýagny, maýyşgak görnüşli simden ýasalan gulaklyk gulagyňyza rahat dakylýar. Çydamly materialdan ýasalan gulaklygy sarap, jübüňizde ýa-da torbaňyzda hem göterip bilersiňiz. Gulaklygyň ak, gara, sary we gök reňklileri bar.
Täze geçirijisiz gulaklyk: “Beats FlexCan”
14.10.2020