Diňe bir Hytaý Halk Respublikasynda däl, eýsem, dünýä ýüzünde hem meşhurlyk gazanan “Xiaomi” şereketi täze “POCO F2 PRO” smartfonlaryny satuwa çykardy. Täze önümiň daşy demirden taýýarlanylan. Şeýle-de enjamyň kamerasy 8K hilli wideolary düşürmäge ukyplydyr. Birbada “Poco F2 Pro” enjamynda öňki kamera ýok ýaly, emma hakykatda ol telefonyň depesinde ýerleşdirilen ýörite “jübiden” çykýar. Şeýle kuwwatlyklary bolan smartfonyň agramy bary-ýogy 219 grama deňdir.
Telefonlaryň işjeň ýady barada gürrüň edilende 2 görnüşi, ýagny 128 Gb-lyk we 256 Gb-lyk görnüşleri tapawutlandyrylýar. “Xiaomi”-niň bu ajaýyp önüminiň dünýä bazarynda özüniň mynasyp ornuny tutmagyna garaşylýar.