Elektronika önümçiliginde dünýäniň öňdebaryjy ornuny eýeleýän “Samsung” şereketiniň 2020-nji ýylyň ikinji ýarymynda meýilleşdirýän dabaralarynyň we sergileriniň meýilnamasy belli boldy. Olaryň arasynda dünýäniň elektron aragatnaşyk enjamlarynyň muşdaklarynyň sabyrsyzlyk bilen garaşýan “Samsung Note 20” smartfony barada hem gürrüň edilýär. Onuň tehniki görkezijileri barada anyk maglumatlaryň berilmeýändigine garamazdan, onuň daşky dizaýnynyň göz öňünde tutulýan görnüşi köpçülikleýin habar beriş serişdelerine hödürlendi. Şeýle-de şereket awgust aýynyň ahyrynda geçiriljek sergide eplenýän “Galaxy Fold 2” smartfony, “Galaxy Budsx” gulaklyklary, öňdebaryjy “Galaxy Tab 7” planşetleri bilen tanyşdyrar.
“Samsung” şereketiniň 2020-nji ýylyň ikinji ýarymynda meýilleşdirýän dabaralarynyň we sergileriniň meýilnamasy belli boldy
14.08.2020