Ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýewiň täze kitaby çapdan çykdy

05.02.2020

Go­laý­da Türk­men döw­let ne­şir­ýat gul­lu­gy ta­ra­pyn­dan ýa­zy­jy Gur­ban­na­zar Oraz­gu­ly­ýe­wiň «Heň­ňam he­ka­ýat­la­ry» ady bi­len çe­per-pub­li­sis­tik eser­le­ri­niň ýy­gyn­dy­sy çap­dan çyk­dy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

2020-nji ýylyň il­kin­ji gün­le­rin­de 3 müň nus­ga­lyk­da ne­şir edi­len tä­ze ki­ta­ba aw­to­ryň Türkmenistanyň Pre­zi­den­tiniň dur­mu­şa ge­çir­ýän giň ge­rim­li öz­gert­me­le­ri­ni, ýur­du­my­zyň ösüş-öz­ge­riş­le­ri­ni, döw­rü­mi­ziň zäh­met gah­ry­man­la­ry­ny wasp ed­ýän pub­li­sis­tik ma­ka­la­la­ry we oçerk­le­ri gi­ri­zil­di.

G.Oraz­gu­ly­ýe­wiň tä­ze ki­tabyn­da ýer­leş­di­ri­len «Ga­ra­gu­muň ger­çe­gi», «Ka­sam si­ňen ömür», «Hor­ju­ny ha­zy­na­ly adam», «Aýwa­ly oýa» ge­liň!», «Ýa­za meň­zeş ömür», «Ker­wen ýük­li ykbal»... ýa­ly oçerk­le­ri­niň gah­ry­man­la­rynyň ag­la­ba­sy ýur­du­my­zyň syýa­sy-jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şyn­da abyr­syz hyz­mat­la­ry bi­ti­ren şah­syýet­ler, gör­nük­li dö­wür­deş­le­ri­miz, zäh­met­den bagt ta­pan daý­hanlar. Şeý­le oçerk­ler ar­ka­ly bol­sa, ýa­zy­jy bi­zi tu­tuş Türk­me­nis­ta­na aý­la­ýar.