Golaýda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýazyjy Gurbannazar Orazgulyýewiň «Heňňam hekaýatlary» ady bilen çeper-publisistik eserleriniň ýygyndysy çapdan çykdy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
2020-nji ýylyň ilkinji günlerinde 3 müň nusgalykda neşir edilen täze kitaba awtoryň Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuşa geçirýän giň gerimli özgertmelerini, ýurdumyzyň ösüş-özgerişlerini, döwrümiziň zähmet gahrymanlaryny wasp edýän publisistik makalalary we oçerkleri girizildi.
G.Orazgulyýewiň täze kitabynda ýerleşdirilen «Garagumuň gerçegi», «Kasam siňen ömür», «Horjuny hazynaly adam», «Aýwaly oýa» geliň!», «Ýaza meňzeş ömür», «Kerwen ýükli ykbal»... ýaly oçerkleriniň gahrymanlarynyň aglabasy ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda abyrsyz hyzmatlary bitiren şahsyýetler, görnükli döwürdeşlerimiz, zähmetden bagt tapan daýhanlar. Şeýle oçerkler arkaly bolsa, ýazyjy bizi tutuş Türkmenistana aýlaýar.