5G-den 10 esse tiz bolar

21.01.2020

Ýaponiýa 5G-den 10 esse tiz boljak 6G tehnologiýasy işläp taýýarlaýar. Häzirki wagtda internet aragatnaşygynyň 6-njy nesli Hytaý, Günorta Koreýa we Finlýandiýa ýaly ýurtlarda hem işlenip taýýarlanýar. Ýaponiýada internet aragatnaşygynyň nobatdaky nesli 2030-njy ýylda taýýar bolar. Ýurduň Içeri işler we aragatnaşyk ministrligi ylmy barlag toparyny dörediljekdigini mälim etdi. Tokýonyň Goşinjin uniwersitetiniň ýolbaşçylygynda işlejek toparda NTT we “Toshiba” ýaly kompaniýalaryň hem işgärleri bolar. Iýun aýyna çenli 6G-niň kuwwatynyň nähili boljakdygy kesgitlener. Ýurtda 6G tehnologiýasyny kämilleşdirmek üçin 2,03 milliard dollar bölünip berildi. 6G mundan ozal ulanylmaýan ýokary ýygylykdaky tolkunlardan peýdalanar.