Bilşimiz ýaly epidemiýa sebäpli adamlar öýde işläp başladylar. Netijede, "YouTube"-da adamlaryň gijä çenli oturmagyna sebäp bolundy. Hut şu nukdaýnazardan, "YouTube" kanalyň düzgünlerine laýyk gelmeýän wideolary pozup başlady.
“YouTube” -yň habaryna görä, aprel-iýul aýlarynda 11,4 million wideo öçürildi. Bu wideolaryň aglaba köplügi 10,85 million bolup, adam gatyşmazdan awtomatiki usulda aýryldy.
Öçürilen wideolardan 3,8 milliony çagalaryň howpsuzlygy üçin, 3,2 milliony spam ýa-da galplyklar sebäpli, 1,7 milliony jynsy mazmuny, 1,2 milliony bolsa zorlugy mahabatlandyrýandygy üçin pozuldy.