Twitter ulanyjylary hyzmatyň "çökmeginden" nägilelik bildirdiler. Bu barada "Downdetector" portaly habar berdi.
Sosial ulgamyň işi baradaky şikaýatlaryň köpüsi ABŞ-da, Meksikada we Angliýada ýaşaýan ulanyjylardan geldi. Mundan başga-da, Moskwada az sanly şowsuzlyk hasaba alyndy.
Ulanyjylaryň 60 göterimi web sahypasyndan kynçylyk çekýändigini, 27 göterimi bolsa "iPhone" we "iPad" bilen tora girip bilmejekdigini aýtdy. Şeýle hem, ulanyjylaryň 11 göterimi “Android” mobil programmasynda tora girmekde kynçylyk çekýändiklerini aýtdy.