1-nji sentýabrda tanyşdyrylar

28.08.2020

Eplenýän ekranly telefonlary çykarmakda bäsdeşlerinden tapawutlanýan “Samsung” bu ugurda öňegidişligini dowam etdirmek isleýär. Koreý kompaniýasy 1-nji sentýabrda “Galaxy Z Fold 2” telefonyny tanyşdyrar. Kompaniýa golaýda “Unpacked” dabarasyny geçireninde “Galaxy Note 20” seriýasyna degişli smartfonlary tanyşdyrypdy. “Galaxy Z Fold 2” üçin bolsa, aýratynlykda göni ýaýlymda tanyşdyrylyş dabarasynyň boljakdygy mälim edildi. Bu telefonyň täze nesle degişli “Snapdragon 865+” mikroprosessor oturdyljakdygy mälim edildi. Täze smartfonyň ozalky modelden arzan bolmagyna  garaşylýar.