27-nji awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow döwlet Baştutanyna daşary ýurtlardan getirilýän harytlary — elektron we elektrotehniki harytlary ýurdumyzda öndürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly arkaly mundan beýläk-de ösdürmek, elektron senagatyny döretmek maksady bilen, 2019-njy ýyldan başlap, ýurdumyzda döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» durmuşa geçirilýär.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy tarapyndan elektron hem-de elektrotehniki harytlary we kompýuterleriň dürli görnüşlerini öndürmek ýola goýuldy.
Wise-premýer bu kompýuterleriň tehniki häsiýetnamalarynyň dünýä ölçeglerine gabat gelýändigi we iň täze programmalar bilen işlemäge mümkinçilik berýändigi barada hasabat berdi. Kärhanada ýokary tehnologiýaly binýat döredildi, maglumatlar we programma üpjünçiligi boýunça hünärmenler taýýarlanyldy.
Elektron enjamlaryň önümçiligini giňeltmek maksady bilen, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynyň şahamçasyny açmak göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan «Türkmen-innowasiýa» hususy kärhanasy bilen bilelikde Ahal welaýatynda, «Türkmen-tranzit» hojalyk jemgyýeti bilen bilelikde Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde týunerleriň we töleg terminallarynyň önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda Türkmenistanda maksatnamalaryň durmuşa geçirilýändigini, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň şolaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi.
Diýarymyzda durmuşyň ähli ulgamlaryna, şol sanda telekommunikasiýalar we ýokary tizlikli maglumatlar tehnologiýalary ulgamlaryna täzeçilligi girizmek işjeň dowam etdirilýär. Türkmenistan milli bähbitleri we durmuş-ykdysady hem-de ruhy-medeni ösüşiň wezipelerini göz öňünde tutmak bilen dünýä tejribesindäki ähli täzelikler üçin açykdyr, dünýä ýurtlary, daşary ýurt edaralary we abraýly guramalar bilen berk aragatnaşyklary ýola goýýar.
«Agzybirlik tilsimaty» kärhanasy çagalar üçin okuw kompýuterlerini öndürýär, olar her ýyl ýurdumyzda 1-nji synpa barýan okuwçylara gowşurylýar. Olara ýüklenen programmalar dürli okuw wezipelerini ýerine ýetirýär we üç dilde — türkmen, rus, iňlis dillerinde işläp bilýär. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, bu kärhananyň mekdep okuw işini sanlylaşdyrmaga goşan ilkinji goşandy boldy.
Milletiň Lideri iň gowy daşary ýurt tejribelerini, şol sanda sanly ulgamlary dolandyrmagy özleşdirmegiň zerurdygyny aýdyp, elektron maglumatlary ulgamynda ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamagyň möhümdigini aýratyn nygtady.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenabat şäherinde «Agzybirlik tilsimaty» kärhanasynyň şahamçasynyň, şeýle hem Ahal we Daşoguz welaýatlarynda elektron tehnikalarynyň hem-de töleg terminallarynyň önümçiliginiň açylmagyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere we degişli welaýatlaryň häkimlerine bu ugurdaky bellenilen wezipeleri amala aşyrmagy, ýurdumyzyň telekeçileriniň döwlet maksatnamalaryna hem-de giň möçberli taslamalara işjeň gatnaşmagy üçin zerur şertleri döretmegi berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy