“TrendForce” şereketi tarapyndan taýýarlanan maglumata görä, soňky aýlarda dünýäde telewizor satuwy görnetin ýokarlanypdyr. Şu ýylyň üçünji çärýeginde 62 milliondan gowrak telewizor satylypdyr. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 12,9 göterim ýokary bolupdyr. Ýylyň ikinji çärýegi bilen deňeşdirilende bolsa, 38,8 göterimlik ösüş hasaba alnypdyr. Iň ýokary ösüş Demirgazyk Amerika ýurtlarynda hasaba alnypdyr. Sebitde telewizor satuwy 20 göterim ýokarlanypdyr. Hünärmenler adamlaryň dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli adamlaryň has köp wagtyny öýünde geçirýändigini belleýärler. Kompaniýalar barada aýdylanda bolsa, “Samsung”, LG we TCL kompaniýalary ilkinji üçlüge giripdir. Dördünji ýeri “Hisense”, bäşinji orny “Xiaomi” eýeläpdir.
Telewizor satuwy artdy
09.10.2020