Huran gözleg instituty, 2020-nji ýylda Hytaýyň iň girdejili sarp ediji elektronika markalarynyň sanawyny neşir etdi. Bu sanawda, kompaniýalar şu ýylyň 30-njy sentýabryna çenli öz bazary ýa-da bahalandyrylan bahasy boýunça tertipleşdirilýär.
Ilkinji bäşligi “Huawei”, “Xiaomi”, “Vivo” we “Oppo” eýeleýär. Birinji ýeri 162 milliard dollar girdejisi bolan “Huawei” eýeleýär. Ikinji ýeri 64 milliard dollar girdejili “Xiaomi” eýeledi. “Vivo” we “Oppo” degişlilikde 26 milliard dollar we 25 milliard dollar girdejiler bilen üçünji we dördünji orny eýelediler. “Apple” şereketiniň bazar maýasy häzirki wagtda 2 trillion dollardan geçýär.
Aýratynam, ilkinji dört smartfon markasy we altynjy orunda durýan “Transsion Holdings” markasy dünýä boýunça iberilýän smartfonlaryň umumy sanynyň 40 göterimini (620 million telefon) tutdy.
Tanymal pilotsyz öndüriji DJI 15 milliard dollar girdejisi bilen bäşinji ýeri eýeledi. “Lenovo” şereketi noutbuk bazarynda 8 milliard dollar gazanyp, 7-nji ýeri eýeledi.