Elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň önümçiligine aýratyn üns berýän “Volkswagen” kompaniýasy bu ugurda bazardaky ornuny berkidýär. Golaýda elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji SUV modeli bolan “ID.4”-i tanyşdyran nemes brendi Demirgazyk Ýewropa ýurtlaryndaky satuwyny barha artdyrýar. Kompaniýanyň geljek ýyl Norwegiýada satyljak ulaglarynyň 90 göterimini elektrokarlar emele getirer. 2023-nji ýyla çenli bolsa, bu ýurtda diňe elektrokar satuwyny amala aşyrar. Norwegiýa ilat sanyna görä hasaplananda, dünýäniň iň köp elektroulag satyn alynýan ýurdy hasaplanýar. Geçen aý ýurtda satylan ulaglaryň 61,5 göterimini dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar emele getiripdir. 2025-nji ýylda Norwegiýada nebit ýangyçly ulaglar dolulygyna gadagan ediler.
“Volkswagen” elektroulag satuwyny artdyrýar
09.10.2020