“Polar Vantage V2” – türgenler üçin niýetlenen

09.10.2020

“Akylly” sagat bazarynda “Polar Vantage V2” atly täze enjam peýda boldy. Gönüden-göni sport bilen meşgullanýan türgenler üçin niýetlenen tegelek görnüşli goşar sagady ekranynyň ululygy bilen tapawutlanýar. Agramy 52 gram bolan suwa çydamly sagadyň zarýady tygşytly düzgünde 100 sagada çeni ýetýär. Gündelik ulanyşda bu wagtyň 40 sagatdygy habar berildi. Esasan, ylgamagy we welosiped sürmegi halaýanlara niýetlenen enjamda GPS aýratynlygy hem göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem enjam gandaky kislorodyň mukdary, ýürek urşuň tizligi ýaly saglyga degişli maglumatlary hem anyklaýar.