“2021 Honda Accord” tanyşdyryldy

13.10.2020

“Honda” kompaniýasy  “Accord” modeliniň 2021-nji ýyla niýetlenen nusgasyny tanyşdyrdy. Ulagyň täze nusgasynda öň tarapyndaky howa çekiji deşikler we çyralar düýpgöter üýtgedilipdir. Modeliň iň kuwwatly nusgasynyň tigirleri has uly bolup, 19 dýuýma deň. Ulagyň içki dizaýnynda tehnologiýanyň soňky gazananlary bilen göz öňünde tutulypdyr. Olaryň arasynda 8 dýuýmlyk multimediýa ekran, elektron asistentler, belli bir tizlikde sürmäge mümkinçilik berýän awtomatlaşdyrylan ulgam ýaly sürüjiniň rahatlygyny we howpsuzlygyny üpjün edýän tehnologiýalar bar. Ulagyň motoryna seredenimizde bolsa gibrid görnüşlisiniň bardygyny aýdyp bolar. Täze “Accord”-yň 1,5 litrlik görnüşinň kuwwaty 190 at güýjüne, 2 litrlik nusgasynyň kuwwaty 250 at güýjüne barabar. Ulag ilkinji nobatda amerikan bazaryna iberiler. Täze maşynyň bahasynyň 25 müň dollardygy mälim edildi.