“Samsung” kompaniýasy “Galaxy F41” atly smartfony tanyşdyrdy. Şeýlelikde koreý brendiniň “Galaxy” seriýasynyň S, M, A we Z modelleriniň hataryna “Galaxy F” hem goşuldy. Adaty çarçuwaly telefon barmak yzyňy okaýan sensory bolan telefon 6.000 mAh kuwwatyndaky batareýa bilen üpjün edilipdir. Ululygy 6,4 dýuým bolan AMOLED ekranyň durulygy 1080P+ diýlip görkezilipdir. RAM-y 6 GB bolan telefon “Exynos 9611” mikroprosessor bilen üpjün edilipdir. 64 hem-de 128 GB içki ýat bilen üpjün edilen telefona MicroSD hem dakyp bolýar. Telefonyň öň tarapynda 32 megapiksel durulygynda surata alýan kamera ýerleşdirilipdir. Bu görkeziji köp telefonyň esasy kamerasyndan hem ýokary bolup, müşderileriň isleglerini aňryýany bilen kanagatlandyrar. “Android 10” amaly ulgamly telefonyň yz tarapynda 64 megapiksel esasy kamera bilen bir hatarda 8 hem-de 5 megapiksel durulygynda surata alýan semsorlar ýerleşdirilipdir. Telefonyň ilkinji nobatda Hindistan bazaryna hödürlenjekdigi we üç reňkli görnüşiniň bardygy mälim edildi. Smartfona 230 dollar nyrh kesilipdir.
Täze seriýanyň ilkinji agzasy
09.10.2020