Dünýäde haryt daşamakda ýük ulaglaryndan giňden peýdalanylýar. Söwda gatnaşyklarynyň ösmegi bu pudagy has hem ösdürýär. Şeýle bolansoň bu ugurda awtomatlaşdyrylan ulgamlary döretmäge has köp üns berilýär. Şwesiýanyň “Einride” şereketi sürüjisiz ulaglary işläp taýýarlaýar. Kompaniýa ýylyň başynda şeýle ulagyny synagdan geçirip başlapdy. Elektrik energiýasy bilen işleýän ulag “T-Pod” atly ulagda sürüji üçin kabina göz öňünde tutulmandyr. Häzirki wagtda nusgalyk görnüşi taýýar edilen ulagyň indiki ýyldan başlap ýol hereketine goşuljakdygy mälim edilýär. Muňa garamazdan, häzirki wagtda sürüjisiz ulaglaryň hereket etmegine rugsat berilýän ýurt ýok. Degişli infrastruktura döredilenden hem-de kanunçylyk girizilenden soňra şeýle ulaglaryň ýol hereketinde peýda bolmagyna garaşylýar.
Her niçikde bolsa, häzirki wagtda dünýäniň köp ýerinde sürüjisiz hereket edýän ulaglar portlarda we giň ammarlarda giňden ulanylýar. Gollandiýanyň Rotterdam şäherinde konteýnerleri daşaýan ulaglaryň birnäçesi bolup, olar uzakdan dolandyrylýar.