Şu ýylyň birinji ýarymynda 60 dýuým diagonaly we 4K formatly has uly telewizorlaryň bazarynda ösüş boldy. Munuň sebäbi koronawirus pandemiýasy sebäpli adamlar öýde has köp wagt sarp edýärler, esasanam telewizora tomaşa edýärler.
“Omdia” kompaniýasynyň habaryna görä, şu ýylyň birinji çärýeginde 69 dýuým diagonaldan uly 4K telewizorlarynyň satuwy 12 million sany boldy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 23 göterim köp. Mundan başga-da, telewizorlaryň satuwynyň köpelmegi, Netflix ýaly 4K şekilli mazmuny işjeň ösdürýän dürli wideo hyzmatlarynyň meşhurlygy bilen düşündirilýär.
“Samsung Electronics” we “LG Electronics” 4K standart telewizorlar bazarynda dünýäde öňdebaryjydyr. Ýylyň birinji ýarymynda 60 dýuým diagonally has uly telewizorlaryň bazarynda “Samsung Electronics” 31 göterim paýa, “LG Electronics” bolsa 16,6 göterim paýa eýe boldy. Şeýlelikde, Günorta Koreýanyň iki kompaniýasy bazaryň ýarysyny tutýar. Üçünji orunda bolsa 9,2 göterim paýy bolan Hytaýyň “Hisense” kompaniýasy bar. Ondan soň Hytaýyň TCL kompaniýasy (8.1%) we Ýaponiýanyň Sony şereketi (6.1%) bar.
Analitikler bahalaryň arzanlamagy bilen ýakyn wagtda 4K telewizoryň satuwynyň artjakdygyny çaklaýarlar.