Planşet we noutbuk öndürijisi “Chuwi” şereketi “Chuwi GemiBook” atly noutbuk hödürledi

09.09.2020

Sentýabr aýynyň ortalarynda satuwa çykaryljak “Chuwi GemiBook” noutbugynyň bahasy 299 dollar bolar.

Noutbukda 3: 2 gatnaşygy bolan 2K (2160 x 1400 piksel)  ölçegde 13 dýuým diagonally ekran, “Intel J4115” prosessor, şeýle hem 12 gigabaýt RAM we 256 gigabaýt ýat bar.

Maglumatlara görä, enjamyň öndürijiligi öýde we ofisde gündelik ulanmak üçin ýeterlikdir. Gurnalan wideo karta 4K wideony açmaga mümkinçilik berýär.

Korpusy metaldan ýasalan “Chuwi GemiBook” noutbugynyň agramy 1,34 kg bolup, A4 formatdaky kagyz bilen deňeşdirip boljak ölçegleri bar. Şol sebäpli sumkada aňsatlyk bilen göterilip bilner. Mundan başga-da, noutbukyň ekrany 180 dereje açylýar.