“Intel” şereketi täze nesil prosessorlary hödürledi. “Tiger Lake” çipleri 10 nanometrlik prosese esaslanýar we gurlan grafika ulgamyna eýe. Bu barada kompaniýanyň web saýtynda aýdylýar.
“Intel Tiger Lake” prosessorlary 10 nanometrlik “SuperFin” tehnologiýa prosessiniň hem-de “Willow Cove” arhitekturasynyň esasynda taýýarlanyldy.
“Willow Cove” ýadrolary öndürijiligi ýokarlandyrmak üçin döredilen çip derejesine eýe. Model “LPDDR4X-4266 / DDR4-3200” ýadyny goldaýar we içinde gurlan “Thunderbolt 4” we “PCI Express 4.0” interfeýslerinden ybaratdyr.
Şeýle hem bu kompaniýa, oýunlarda “Full HD” şekil ölçegini üpjün edýän içerki “Iris Xe” grafika ulgamyna üns berdi. Grafika moduly, sekuntda 60 kadr tizlikdäki iň ýokary şekili 8K formatda görkezýär. Kompaniýanyň pikiriçe, “Iris Xe” moduly diňe “Intel Core i5” we “Core i7” prosessorlarynda elýeterlidir. Prosessoryň umumy öndürijiligi 10-njy nesil “Ice Lake” çipleri bilen deňeşdirilende 17-18 göterim ýokarlandy.
Maglumata görä, täze çipler inçe we ýeňil noutbuklar üçin dünýäniň iň gowy prosessorlarydyr. “Tiger Lake”, bäsdeşlik önümleri bilen deňeşdirilende ofis programmalary üçin öndürijiligi 20 göterim, oýunlarda bolsa iki esse ýokarlandyrmagy üpjün edýär. “Acer”, “Asus”, “Dell”, “Dynabook”, “HP”, “Lenovo” we beýlekiler bilen “Intel”-iň täze enjamlaryna esaslanýan noutbuklaryny işe girizmek barada eýýäm ylalaşyk gazanyldy.
Täze prosessorlaryň goýberilen senesi barada maglumat ýok. Kompaniýanyň habaryna görä, “Tiger Lake” çipleri ilki ykjam noutbuklara gurlar.