“HDR10 +” standartyny goldaýan ilkinji 4K proýektory görkezildi

08.09.2020

“Samsung” şereketi “HDR10 +” bilen kepillendirilen modelleri öz içine alýan “The Premiere” atly “4K Ultra Short Throw” (UST) lazer proýektorlarynyň bir toparyny hödürledi. Muňa 130 dýuým diagonally “LSP9T” we 120 dýuýmlyk “LSP7T” girýär. Iki proýektor hem 4K şekil ululygyny goldaýar. Şeýle-de bolsa, diňe “HDR10 +” ilkinji modeli dinamiki diapazon goldawyny giňeltdi. Ýagtylygy 2800 ANSI lýumen.

Maglumata görä, öndüriji tarapyndan filmleri görmek üçin niýetlenen “Premiere” atly ýörite režim goşuldy. Proýektorlar “Samsung Smart TV” operasiýa ulgamy tarapyndan dolandyrylýar.

Mundan başga-da, ulanyjylar wideo akymlary üçin dürli programmalary gurup bilerler.