Indi gözi haýal görýän adamlar “Google” kompaniýasynyň onlaýn redaktorlaryny hem ulanyp bilerler. Olarda Braýl ekrany dessine birikdirmek, teksti ýaňlandyrmak we düşündirmek üçin gural bar.
“Google” şereketi gözi haýal görýänler hem görmeýänler üçin, braýl resminamalara, tablisalara, prezentasiýalara we suratlara derrew birikdirmäge niýetlenen ýörite gural ulanyp, öz hyzmatlaryna elýeterliligi gowulandyrdy. Hyzmat nawigasiýasy hem täzelendi. Ulanyjy indi kursorynyň ýerleşýän ýerini eşidip biler, tekst hem, üstünde ýazylan teswirler hem ýaňlanyp biler.
Kompaniýanyň metbugat sekretary, düşündirişleriň, ýalňyşlyklaryň we grammatiki ýalňyşlyklaryň "täze kömekçi tehnologiýalaryň" kömegi bilen dilden aýdylýandygyny aýtdy.