Hünärmenler iň öndürijilikli arzan smartfonyň adyny mälim etdiler

09.09.2020

Mobil enjamlarynyň işleýşine baha berýän AnTuTu hyzmatynyň habaryna görä, bahasy 239 dollardan arzan bolmadyk iň arzan smartfonlaryň arasynda “Xiaomi Redmi Note 8 Pro” birinji ýeri eýeledi.

Smartfonda gurlan “MediaTek Helio G90T” prosessorynyň öndürijiligi häzirki zaman 3D oýunlarynyň köpüsi üçin ýeterlikdir. Hünärmenler bu bahadaky enjamlar üçin seýrek bolan 64 megapiksel kamerasyna hem üns berdiler.

Reýtingde “Redmi 9”, “Redmi K30 5G”, “Honor 9x”, “Redmi K30i 5G”, “Redmi 10x 5G”, “Honor Play 4T Pro”, “Redmi K30” we “Vivo Y5s” smartfonlary hem bar.