“Xiaomi Mi TV 4A Horizon Edition” telewizorlarynyň bahasy 180 dollardan başlaýar

09.09.2020

Hytaýly “Xiaomi” şereketi 32 dýuým we 43 dýuým diagonally “Mi TV 4A Horizon Edition” atly akylly telewizoryny görkezdi.

Has kiçi modeliň şekil ölçegi “HD” (1366 × 768 piksel), has uly modeliň ölçegi bolsa “Full HD” (1920 × 1080 piksel). Ekran degişlilikde paneliň 93 we 95 göterimini öz içine alýar. Iki ýagdaýda-da görmek burçy 178 derejä barabardyr.

Maglumatlara görä, täze enjamlar Mali-450 MP3 grafiki tizlendiriji bilen enjamlaşdyrylan, 1.5 GGs sagat tizlikli dört ýadroly “Amlogic Cortex-A53” prosessor ulanyldy. RAM göwrümi 1 gigabaýt, içindäki ýat 8 gigabaýt.

Telewizorlar “Wi-Fi 802.11b/g/n” (2.4 GGs) we “Bluetooth 4.2” simsiz adapterleri,  “Ethernet” tor dolandyryjylary bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem üç  “HDMI” çykyşy, iki “USB 2.0” porty we “S/PDIF” interfeýsi bar. Mundan başga-da, 2 × 10 wattlyk stereofonik  gürleýjiniň ses ulgamy üpjün edilýär. Programma platformasy, “PatchWall” interfeýsi bolan Android operasiýa ulgamy girizildi.

Has kiçi modeliň bahasy 180 dollar, uly modeliniň bahasy 310 dollar.