“Samsung” şereketi amatly bahadan 5G smartfony, planşet we fitnes bilezigi hödürledi

08.09.2020

Aňrybaş kämil enjamlarynyň ählisini hödürleýän “Samsung” şereketi has amatly modelleri yglan etdi.

“Galaxy A42” kompaniýanyň bäşinji nesil torlaryny goldaýan iň arzan smartfon bolmaly. Enjam öňdäki kamera üçin 6,6 dýuýmlyk “Super AMOLED” ekrany, 48 megapiksel esasy datçikli dört kamera we ekranyň aşagyndaky barmak yzy skaneri bilen enjamlaşdyrylandyr.

“Galaxy Tab A7” planşeti 2000x1200 piksel durulykda 10,4 dýuým TFT ekrany bilen enjamlaşdyrylandyr. Enjam iň ýokary ýygylygy 2 GGs bolan 8 ýadroly prosessor, 3 Gb RAM, 32 ýa-da 64 GB ammar, 7040 mAh kuwwatly batareýa we uly ses bermek üçin 4 gürleýji bilen üpjün edilendir. Planşetde “microSD”  ýat kartasy goldanýar.

“Galaxy Fit 2” “Samsung” şereketiniň eplenen 3D aýnaly AMOLED displeýi, ýürek ritm datçigi we batareýasy 159 mAh bolan täze fitnes bilezigidir. Öndürijiniň pikiriçe, enjam ulanylyş senarisine baglylykda 15-21 günüň dowamynda özbaşdak işläp biler.