“Samsung” şereketi “Galaxy Z Fold 2” atly smartfonyny 18-nji sentýabrda satuwa çykarar
“Galaxy Z Fold 2” smartfony kitap ýaly iki gat eplänýän görnüşdäki faktora eýedir. Enjamyň korpusy, birikdirilen iki panelden durýar. Şeýle-de, bu smartfon “Super AMOLED Infinity Flex”-iň 7,6 dýuýmlyk içerki ekrany hem-de 6,23 dýuýmlyk daşky ekrany bilen üpjün edilendir.
Doly açylanda esasy ekranyň surat ölçegi 2208x1768 piksele eýe bolýar. Şeýle hem telefon, 120 gers täzeleniş tizligini we HDR10 + goldaýar.
Enjam bäşinji nesil torlaryny, 12 Gb RAM-y we 256 GB UFS 3.0 içerki ýadyny goldaýan “Snapdragon 865+” çipi bilen üpjün edilendir.
Smartfonyň arka paneli, hersi 12 megapiksel ölçegdäki üç linzadan ybarat kamera bilen enjamlaşdyrylandyr, Bu bolsa sekuntda 60 kadr tizlik bilen 4 K formatda wideo almaga mümkinçilik berýär.
Enjam 4500 mAh kuwwatly batareýa bilen enjamlaşdyrylandyr. Smartfon 18-nji sentýabrda satuwa çykarylar.