Älemi öwrenijiler Ýerden 1300 ýagtylyk ýyly uzaklykda 3 ýyldyzly Gün ulgamynyň üstüni açdylar. Ekseter uniwersitetinden Stefan Krausyň liderligindäki topar tarapyndan edilen açyş baradaky maglumatlar «Science» žurnalynda çap edildi.
Orion ýyldyzlar toparynyň kenarynda ýerleşýän we «GW Orionis» ady berlen ulgamda GW Ori A we B ýyldyzlarynyň biri-birleriniň orbitasynda, 3-nji ýyldyz GW Ori C-niň hem bu iki ýyldyzyň orbitasynda aýlanýandygy mälim edildi. GW Ori C-niň GW Ori A we B ýyldyzlaryna bolan aralygynyň 1190 million kilometrdigi çak edilýär. Stefan Kraus ulgamyň üç halkasynyň Ýere meňzeş 30 töweregi planeta emele getirip biljek tozany özünde jemleýändigini habar berdi.
Bu ulgamda ýaş planetanyň bardygy subut edilen halatynda onuň 3 ýyldyzyň töwereginde aýlanýan ýeke planetanyň ilkinji nusgasy boljakdygy nygtalýar.