“Wi-fi” ýerine “Li-fi” ulanylýan telefon öndüriler

17.08.2020

Birnäçe ýyldan bäri üstünde işlenilýän we “Wi-fi” tehnologiýasynyň ornuny tutup biljek “Li-fi” ýakyn wagtda satuwa çykarylar. “LetsGoDigital” tarapyndan çap edilen habara görä, OPPO şereketi “Wi-fi”-iň ýerine “Li-fi” tehnologiýasyny goldaýan smartfonyň üstünde işleýär. Taslama üçin eýýäm patent alyndy. Uly ekranly täze modelde “Li-fi” tehnologiýasy enjamyň arka tarapyna birikdiriler. Bu datçigiň yzky kameranyň gapdalynda ýa-da ýokarsynda bolmagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda işiň ýagdaýy we enjamyň haçan görkeziljekdigi barada resmi habar berilmedi. Ýadyňyzda bolsa, geçen ýyl geçirilen Bütindünýä mobil kongresinde “PureLiFi” şereketi bu tehnologiýanyň 2020-nji ýylda işe giriziljekdigini aýdypdy.