FED sanly pul üçin täze işe başlady

17.08.2020

ABŞ-nyň Merkezi Bankynyň Federal ätiýaçlyk geňeşiniň (FED-iň) agzasy Lael Brainard bankyň sanly pullar boýunça derňewe başlandygyny aýtdy. Resmi maglumatlara görä, munuň sebäbi dollaryň rolunyň göz öňünde tutulmasy bilen düşündirilýär.

FED-iň agzasy döwrüň talaplaryny nazara alyp, bu ugurda işjeň hereket edýändigini hem dile getirdi. Şeýle hem, sanly pul ulgamy bilen baglanyşykly täze tehnologiýalaryň synagdan geçirilýändigini belledi. Lael Brainardyň pikiriçe, adamlar ýakyn wagtda dürli töleg görnüşlerine geçer.