"Incognito" režimi belli bir enjamda ulanyjynyň gizlinligini üpjün edip biler, ýöne tordaky anonimligi kepillendirmeýär. Bu barada “Group-IB” kompýuter kriminalistikasy laboratoriýasynyň başlygynyň orunbasary Nikitin dile getirýär. Bilermen, "Incognito" režiminiň çözýän esasy meselesiniň belli bir gadjetde anyk göz aýlamagyň taryhyny ýok etmekdigini aýtdy.
“Şeýlelikde, bu režim siziň ulgamdaky gizlinligiňizi üpjün etmeýär, diňe belli bir enjamda gizlinligiňizi üpjün edýär” – diýip Nikitin belleýär. Onuň sözlerine görä "Incognito" režimi diňe başga bir adamyň noutbugyny ýa-da jemgyýetçilik kompýuterini ulanmaly bolsaňyz amatlydyr. Bu režim zyýarat taryhyny, sahypany sinhronlamagy we soňky gözleg talaplaryny gizlemäge mümkinçilik berýär. Şahsy kompýuterlerde bolsa funksiýany ulanmak maslahat berilmeýär.