Gowşak smartfonlarda ýa-da haýal internet şertlerinde sosial ulgamlara girmek üçin döredilen “Facebook Lite” programmasy öndüriji tarapyndan goldanylmaýar. Bu programma bary-ýogy iki ýyl ömür sürdi. Programmanyň diňe “iOS” smartfonlarynda işlemejekdigi mälimdir. Android programmasyna-da şol bir ykbalyň garaşmagy gaty ähtimal. Ilki bilen Braziliýaly ulanyjylar bu barada bildirişleri alyp başladylar. “iOS üçin niýetlenen “Facebook Lite” programmasy togtadylýar. Maşgalaňyz we dostlaryňyz bilen aragatnaşyk saklamak üçin asyl (original) “Facebook” programmasyny ulanyp bilersiňiz.” – diýlip bildirişlerde aýdylýar.
Sosial ulgamyň wekilleriniň pikiriçe, bu karar programmanyň meşhurlygy bilen baglanyşyklydyr.