Xiomi”şereketiniň 10 ýyllygyna bagyşlanan dabarada “Mi 10 Ultra” smartfonlary bilen tanyşdyryldy

16.08.2020

Meşhur “Xiomi” şereketi täze çäklendirilen möçberdäki “Mi 10 Ultra” smartfonlary bilen tanyş etdi. Bu enjam ekeranasty öň kamerasy bolan ilkinji smartfon bolup, onda ekranda hiç hili kameranyň ýeri bolmaz we ol ekranyň aşagynda ýerleşer. Ýaňy-ýakynda, ýagny 11-nji awgustda “Xiomi”-niň döredilendigine 10 ýyl boldy. Şol 10 ýyllyga bagyşlanyp geçirilen dabarada hem smartfonyň görkezilişi bolup geçdi. 

Smartfon iki görnüşde öndüriler. Keramiki görnüşlisi 8/256 Gb we 12/256 Gb, aýna görnüşlisi bolsa 12/256 Gb we 16/256 Gb görnüşlerde çykar. Bu üýtgeşmelerden başga-da, “Mi 10 Ultra” ýokary öndürijilikli bolan “Snapdragon 865+” prosessorlary, 120 Gg ýygylykda işleýän “AMOLED” ekranlary, 4500 mAs kuwwatlylygy bolan akkumulýatorlar ornaşdyryldy.