“Vivo S1 Prime” smartfony resmi taýdan hödürlendi

16.08.2020

“Vivo”  şereketi 48 megapiksel kamera we “Snapdragon 665” prosessory bilen enjamlaşdyrylan täze “S1 Prime” smartfonyny hödürledi. 

Enjam “FHD+” durulygy esasynda 6,38 dýuýmlyk AMOLED displeýi, ekeranyň aşagynda barmak yzy skaneri we 16 megapikselli kamera bilen üpjün edilendir.  Yzky panelde 4 kameradan ybarat blok ýerleşdirilipdir. 48  megapiksellik esasy, 8 megapiksellik super giň burç, 2 megapiksellik mikro linza we 2 megapiksellik çuňluk datçigi bar. 

Smartfonda "Qualcomm Snapdragon 665" prosessory, 8 GB amaly ýady we 128 GB  içerki ýady bar. 4500 mAs kuwwatlylygy bolan akkumulýator “USB- C" porty arkaly 18 watta çenli zarýad beriş tehnologiýasyny goldaýar. Smartfonda NFC moduly ýokdur. Enjam "Funtouch OS 9,2" interfeýsi bilen "Android 9" operasiýa ulgamynyň dolandyrmasy esasynda işleýär.