Günorta Koreýanyň paýtagty Seulda we ýurduň beýleki alty sany uly şäherinde bäşinji nesil öýjükli aragatnaşyk ulgamlarynda maglumatlary göçürip almagyň ortaça tizligi 585,6 Mbit/sekunta deňdir. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Bilim, Ylym we Tehnologiýa ministrliginiň maglumatynda beýan edilýär. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende “4G LTE” torlarynda ortaça tizlikden (158.53 Mbit/sekunt), takmynan dört esse köpdür. Torlarda tizligi ölçemeklik işi şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda geçirildi.
Ýurduň üç – "SK Telecom", "KT" we "LG Uplus” telekommunikasiýa operatorynyň torlarynda maglumatlary göçürip almagyň ortaça tizligi degişlilikde, ýagny 789 Mbit/sekunta, 652 Mbit/sekunta we "LG 528,6 Mbit/sekunta deň boldy. Häzirki wagtda Günorta Kareýanyň 3,5 gigagers diapazonyny ulanyp, awtonom däl (NSA) “5G” ulgamlary işleýär. Geçen ýylyň aprel aýynda ýurtda “NSA” torlary işe girizildi. Şu ýylyň ahyryna çenli Günorta Koreýanyň awtonom “5G” ulgamy millimetr diapazonynda işe girizilmesi meýilleşdirilýär.
Gür ilatly ýerlerde, şeýle-de ulag ulgamlarynda maglumatlary göçürip almagyň ortaça tizligi takmynan 654 Mbit/sekunt, bu sebitlere maglumatlary geçirmegiň ortaça tizligi 63 Mbit/sekunt boldy. Ýurduň üç öňdebaryjy telekommunikasiýasy tarapyndan paýtagt Seulda işe girizilen 5G torunyň gurşawy iýul aýynyň ahyryna çenli 425,5 inedördül kilometre ýetdi.