Eýesiniň sözlerini 9 dile terjime edýän örtük

17.08.2020

Ýaponiýanyň "Donut Robotiks" şereketi eýesiniň çykyşyny başga dillere terjime edýän akylly terjimeçi örtügini döretdi. "C-Face" diýlip atlandyrylan bu örtük hem eýesini wirusdan goraýar, hem-de onuň sözlerini dokuz dile – koreý, wýetnam, hytaý, taýland, fransuz, iňlis, ispan, indoneziýa we ýapon dillerine terjime edýär.

Smartfona “Bluetooth” arkaly birikdirilen örtük plastmassadan ýasaldy. Bahasy tahmynan 40 dollardyr. "Donut Robotiks" şereketi "Haneda" halkara howa menziliniň haýyşy boýunça terijimeçi robotlaryň üstünde birnäçe ýyl bäri işleýär. Bu tehnologiýa terjimeçi örtügi ýasamak üçin hem ulanyldy.