Bütin dünýädä millionlarça ulanyjy Hytaýyň içaly programma üpjünçiligini gurdy

16.08.2020

Hünärmenleriň pikiriçe, bütin dünýäde millionlarça ulanyjy  "QuVideo Inc." şereketiniň içaly programma üpjünçiligini gurdy. Bu programmalary “Google Play”-den ýa-da “App Store”-den gözläp alyp bolýar. Bu programmalar dünýäde 157 milliondan gowrak ulanyjy tarapyndan ýüklenip alyndy. Gyzykly tarapy, "QuVideo Inc." programma üpjünçiligi mundan birnäçe ýyl ozal içaly we zyýanly programma üpjünçiligi hökmünde tanalýardy.   

"QuVideo Inc." şereketi wideo we surat redaktirleme programmalaryny işläp düzmek bilen meşgullanýar. Öndüren 6 programmasynyň arasynda iň meşhury "VivaVideo" programmasydyr. Bu programma “Google Play”-de öz kategoriýasynda ilkinji orunlardan birini eýeleýär we 100 milliondan gowrak adam tarapyndan ýükenip alyndy.

 Ýeri gelende aýtsak, bu programma öz funksiýalary bilen baglanyşykly bolmadyk maglumatlar üçin haýyş esasynda çintgew, ýagny derňew iberýär. Şonuň üçin hem oňa içaly programma diýilýär.