Sosial mediýanyň iň uly platformlaryndan biri bolan “Instagram” köp wagtdan bäri agzalýan “Messenger” hyzmatyny täzeledi. “Facebook” kompaniýasy “Messenger”, “Instagram” we “WhatsApp” söhbetdeşliklerini bir ýere jemlemek üçin tagalla edýärdi. Kompaniýa ulanyjylaryň bu hyzmatlardan islendik platformadan peýdalanmaklary üçin ilkinji ädimi ätdi. Häzirlikçe “WhatsApp” goşulmady. Emma iOS we Android amaly ulgamly telefonlary bolan ulanyjylara “Facebook Messenger” hem-de “Instagram” söhbetdeşlik gutulary iberilip başlandy. Bu birleşdirilme arkaly iki platformadan hem gelen hatlary görüp bolýar. Şeýlelikde, her gezek beýleki platforma geçmek zerurlygy aradan aýrylýar. Bu täzeligiň ulanyjylar üçin has amatlydygy aýdylýar. Ýeri gelende aýtsak, bu platformalaryň ählisi “Facebook” kompaniýasyna degişli.
“Instagram” we “Messenger” hatlary birleşip başlady
17.08.2020