“Bluettooth” standartlaryny döredýän we bu tehnologiýa bilen enjamlaşdyrylan enjamlary kepillendirýän "Bluetooth Special Interest Group" guramasy "Google Fuchsia OS" operasiýa ulgamynyň kepilnamasyny yglan etdi.
Täze operasiýa ulgamy smartfonlar, noutbuklar we “akylly öý” enjamlary ýaly dürli enjamlar bilen işlemek üçin döredildi. “Linux” ýadrosynyň esasynda ýasalan “Android” we "Chrome OS" operasiýa ulgamlaryndan tapawutly bolan "Fuchsia" ulgamy "Zircon" atly täze ýadro esasynda döredilýär.
Maglumata görä, "Google Fuchsia OS" ulgamy “Android”, "Chrome OS" we beýleki operasiýa ulgamlarynyň ornuny tutýar. Gurama wekilleri "Google Fuchsia OS" ulgamynyň uzak wagtdan bäri içerki synagda bolandygyny aýdýarlar. Ýöne, entek täze "Google Fuchsia OS" operasiýa ulgamynyň resmi işe giriziljek taryhy, onuň bilen enjamlaşdyryljak enjamlar we täze “Android” we "Chrome OS" wersiýalarynyň haýsy artykmaçlyklara eýe boljakdygy barada maglumat berilmeýär.